Ykdysadyýet

23 Dekabr 2021
1028

ÝOKARY GÖRKEZIJILER GAZANYLÝAR

Ýurdumyzda ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna giňden  taýýarlyk görülýär. Bu şanly senä eziz Diýarymyzyň edara-kärhanalary hem uly taýýarlykly geldiler. Olar tamamlanyp barýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny ähli ykdysady görkezijiler boýunça ýokary netijeler bilen jemlemek ugrundaky işleri birjik-de gowşadanoklar. Şeýle bolansoň, zähmet toparlary borçnamalarydyr bellenilen meýilnamalary yzygiderli ýerine ýetirýärler. Munuň şeýledigine welaýat statistika müdirliginiň welaýatymyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada şu ýylyň 11 aýyna salgylanyp toplan maglumatlary-da aýdyň şaýatlyk edýär. Şonda geçen döwürde senagat kärhanalarynda önümleriň öndürilişiniň geçen ýylyň degişli döwrüne garanda 0,8 göterim, ýolagçy gatnadylyşynda 7,8, gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň baş sanynyň artyşynda, degişlilikde, 0.3, 0.4, 2.4 göterim, maldarçylyk önümleriniň öndürilişinde — etiň (diri agramda) — 2,3, süýdüň — 0,2, ýumurtganyň — 5,6 göterim artandygy aýdyň görünýär. Şunuň ýaly ösüşleriň beýleki ugurlara-da mahsusdygy halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça ýylyň üstünlikli jemlenjekdigine güwä geçýär.

Öre HOJAÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar