Bagtyýarlygyň ak ýoly

3 Dekabr 2021
1159

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ugurlarynda, aýratyn-da, ulag-logistika ulgamynda işlenilip düzülen döwrebap taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi guwandyryjydyr. Şu ýylyň 29-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyrynyň, ýagny Aşgabat — Tejen böleginiň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary tizlikli awtomobil ýolunda Aşgabat — Kaka, Aşgabat — Duşak we Aşgabat — Tejen şäherara ugurlary boýunça awtobus gatnawlaryny hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy — Artyk, Türkmenbaşy — Sarahs, Türkmenbaşy — Ymamnazar, Türkmenbaşy — Farap we beýleki birnäçe ugurlarda üstaşyr ýükleri daşaýan awtoulag serişdeleriniň gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen aralygynyň uzynlygy 203 kilometre barabardyr. Onuň uzaboýuna toprak, geotekstil düşeklerini, çagyl-çäge garyndysyny düşemek we asfalt ýazmak işleri ýerine ýetirildi. Şu aralykda dürli görnüşli köprüleriň, ýerasty geçelgeleriň, ýolüsti geçirijileriň, trampedlerdir (uly ýola münelge-düşelgeler), monolit köprüleriň gurluşyklary hem amala aşyryldy. Dürli ölçegdäki suw geçirijileriň 76-sy, mallary geçirmek üçin ötükleriň 10-sy, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 17-si guruldy. Demir päsgelçilik germewi hem-de daşky gorag gözenegi çekildi. Ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin halkara standartlara laýyk gelýän çyzyklar çyzylyp, ýol belgileri ýerleşdirildi. Ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary we ýangyç guýujy beketler üpjün edildi. Şeýle-de ýoluň ugrunda uly we kiçi töleg terminallary ornaşdyrylandyr. Ýoluň gözegçilik, aragatnaşyk we dolandyryş ulgamlary döwrebap enjamlaşdyryldy.

Şirin NURGYLYJOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar