Ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ösüş aý­ra­tyn­lyk­la­ry

3 Dekabr 2021
1373

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň senagatlaşdyrmaga gönükdirilen syýasatyny amala aşyrmakda, ýurduň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmak, olary senagat taýdan çuňlaşdyrylan görnüşde gaýtadan işlemekde ykdysadyýetiň ähli ugurlary depginli ösüşlere eýe bolýar. 2015-nji ýylda «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň» we «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamsynyň» kabul edilmegi ýurduň önümçiligini oňyn guramak, öndürilen taýýar önümleriň dünýä bazarlaryna amatly nyrhlar bilen ýerlemäge hem-de Türkmenistanyň bazar şertlerinde bäşleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga uly mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň iň möhüm ugurlarynyň biri-de uglewodorod serişdelerini eksport etmek bolup durýar. Beýik Britaniýanyň «Gaffney Сline & Assoсiates» iňlis şereketiniň hünärmenleri tarapyndan 2012-nji ýylda geçirilen garaşsyz halkara auditiniň netijesine görä, tebigy gazyň «Galkynyş» gaz ýatagynyň kuwwaty 26,2 trillion kubmetre deň bolup, Eýranyň we Kataryň serhet ýakasyndaky ýerleşen, kuwwaty 28,3 trillion kubmetre barabar bolan «Günorta Pars» ýatagyndan soňra, dünýäde ikinji orunda durýar. Umumy gazyň möçberi boýunça Türkmenistan dünýäde 4-nji orunda durýar. Tebigy gazy ulanmakda atmosfera goýberilýän kömürturşy gazynyň mukdary kömürden bäş, nebit önümlerinden üç esse azdyr. Bu görkezijiniň geljekde ýurdumyzyň we umumadamzat ekologik görkezijilerini gowulandyrmakda wajyp orny bardyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ilatly nokatlarynyň doly gaz bilen üpjün edilmegi daşky gurşawy goramakda, ekologik ýagdaýlary gowulandyrmakda «Biodürlülik baradaky», «Çölleşmäge garşy göreş baradaky», şeýle-de «Howanyň üýtgemegi baradaky» halkara Konwensiýalary boýunça döwletimiziň alan borçnamalaryny ýerine ýetirmekde örän wajyp ähmiýete eýedigini bellemek zerurdyr.

Bäşim RAHMANOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar