Ýurdumyzyň kuwwaty

22 Noýabr 2021
1124

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejelerini düýpgöter özgertmek maksady bilen uzak möhletleýin maksatnamalardyr konsepsiýalar kabul edilýär. Olary durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimleriň biri hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylmagydyr. Bu taslama Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Bu gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilmegi ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygyny artdyrmaga, Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda goňşy döwletlere iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam berer.

«Türkmenistanyň gurluşyk we energetika toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» milli Liderimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýär. Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyň döredilmegi dürli kuwwatlykly elektrik stansiýalaryň aralarynda baglanyşygy emele getirip, bu energoulgamyň islendik ýerlerindäki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda energiýa üpjünçilik ulgamynyň doly döwrebaplaşdyrylmagyny şertlendirer.

Gadam AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar