Ýaşlar — Watan kuwwaty

16 Noýabr 2021
949

Raýatlary tutumly işlere ruhlandyryp, täze döredijilik joşgunyna badalga bermekde jemgyýetçilik guramalarynyň uly hyzmaty bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmak, jemgyýetiň agzybirligini gazanyp, sazlaşykly durmuşy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işlere ýaşlary ugrukdyrmak, olaryň Watan berkararlygynyň, il-günüň abadançylygynyň, durnukly ösüşiň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilen täze başlangyçlary amala aşyrmaga gatnaşmaklaryny gazanmak ilkinji wezipedir. Çünki umumadamzat we milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryna sarpa goýýan, täze bilimlere ymtylýan, döredijilikli işlemäge ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegi başarýan jemgyýet öz geljegine ynamly seredip bilýär. Ýurduň, döwletiň geljegi, jemgyýetiň täze ösüş tapgyrlary, esasan, ýaş nesliň uly geljek baradaky garaýyşlaryna, bolup geçýän wakalara, özgerişlere bolan gatnaşygyna bagly diýilse dogry bolar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüşleriniň gymmatlygyny kalbynda göterýän täze nesil kemala geldi. Mähriban Watanymyzyň mynasyp nesillerini terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny yglan edenden soňra döwletiň ýaşlar syýasatynyň hukuk esaslary düzülip başlandy. Türkmenistanly ýaşlaryň jemgyýetçilik hukuklary we borçlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen. 1991-nji ýylyň noýabr aýynda döredilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan iň uly jemgyýetçilik guramasy bolup durýar. Häzirki wagtda düzümine ýüzlerçe ilkinji guramany, müňlerçe agzany jemleýän bu gurama iň bir işjeň, öňdebaryjy jemgyýetçilik birleşigidir. Döwletimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar