Täze tehnologiýalar — itergi beriji güýç

10 Noýabr 2021
1024

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan ykdysady strategiýasy,  önüm öndüriji telekeçilere döwlet goldawyny bermek boýunça durmuşa geçirýän anyk işleri, öňdebaryjy tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagy ýurdumyzda sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýan önümleriň öndürilýän görnüşleriniň artdyrylmagyna, möçberleriniň ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär. Onuň şeýledigine S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Nowbahar geňeşliginiň çäginde hereket edýän guýlan demirden bezeg önümlerini taýýarlaýan «Türkmen berekedi» kiçi kärhanasynyň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Berk we ygtybarly harytlary çykarýan bu hususy önümçilik telekeçi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Erkebaý Atamyradow tarapyndan guruldy.

Hytaý Halk Respublikasynda çykarylan ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen önümçilik ýylda 6,5 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenen. Esasy bölümde kuwwatly elektrik peçleriniň, ygtybarly, ýokary öndürijilikli beýleki ýöriteleşdirilen enjamlaryň dürs we üznüksiz işi ýola goýlan. Kärhanada ähli tehnologik talaplar düzgüne laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenler tarapyndan jogapkärçilikli ýerine ýetirilýär. Täze tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde, taýýarlanan dürli ölçegli, nagyşly demir önümleriniň — haýatlaryň, gözenekleriň iri tapgyry alyjylara yzygiderli ugradylýar.

Öre HOJAÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar