Möhüm pudagyň ösüşi ileri

5 Noýabr 2021
1011

Häzirki döwürde bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň möçberiniň has-da ýokarlanmagy dünýä döwletleriniň Garaşsyz Türkmenistana bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň gerimi-de giňeldilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda-da aýratyn durup geçdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, eziz Watanymyz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa mümkinçiliklerini öz halkynyň we bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmaga jogapkärçilikli çemeleşýär. Ýurdumyzda täze, kuwwatly elektrik stansiýalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, hereket edýän gaz turbinaly elektrik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň täzelerini gurmak boýunça toplumlaýyn işleriň ýola goýulmagy bu ugurdaky netijeli ädimlerdir. Şeýle hem ýerli tebigy-howa şertlerimize laýyklykda Gün we ýel energiýasyny almak bilen bagly taslamalaryň amala aşyrylýandygy, ýagny, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmagyň göz öňünde tutulmagy hem ýurdumyzyň tebigy gorlaryny netijeli ulanmaga uly mümkinçilik berer.

Tutuş ýurdumyzda uludan bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli welaýatymyzyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gaz turbinaly täze elektrik stansiýasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi-de sebitimiziň ykdysadyýetiniň elektrik üpjünçiligi üçin zerur bolan şertleri üpjün eder. Şeýle hem işe girizilen bu kuwwatly desga ildeşlerimiziň köpsanlysyny täze iş orunlary bilen hem üpjün etdi. Bu elektrik stansiýasy welaýatymyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligini ep-esli ýokarlandyrmak bilen birlikde ýakyn ýyllarda goňşy Owganystan, Özbegistan, Eýran döwletlerine iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini hem artdyrar. Watanymyzyň energiýa kuwwatyny has-da artdyrmak ugrunda yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun we tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Atajan AKMYRADOW,
«Lebapenergo» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar