Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25 Oktýabr 2021
740

22-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

«Balkan».