Okgunly ösýän pudakda taryhy waka

25 Oktýabr 2021
1078

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uludan toýlanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy.

Gahryman Prezidentimiz döwlet syýasatynda ykdysadyýetimiziň energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaga, pudaga sanly ulgamy, ylmyň täze gazananlaryny hem-de öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Mähriban Arkadagymyzyň döwlet derejesinde edýän şeýle aladalarynyň netijesinde, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandy. Energetika senagaty depginli ösýän, girdejili işleýän pudaklaryň hataryndaky mynasyp ornuny berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ulanyşa tabşyrylan täze ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi bilen, ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagynda wajyp orny eýeleýän senagat pudagynyň mümkinçilikleriniň geriminiň has-da giňändigini nygtamak gerek. Sebäbi halkalaýyn bir bitewi energiýa ulgamyny döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi arkaly ýurdumyzyň günbatar sebitiniň çäkleri bilen daşarky sarp edijilere ýetirilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmagyň tehniki mümkinçilikleriň binýady pugtalandyryldy. Munuň üstesine-de, dürli howa şertlerine garamazdan, sebitleriň ilatyny elektrik togy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň ygtybarlylygy ýokarlandy. Sebitleriň iri hem-de ýerli çig mal serişdelerini senagat taýdan has çuň gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply, sarp edijileriň durnukly artýan isleglerinden peýdalanýan dürli önümleri öndürýän senagat kärhanalarynyň ýokary öndürijilikli işledilmeginde bu elektrik geçirijiniň möhüm orny eýelejekdigi hem buýsançly hakykatdyr. Halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş- -ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» täze önümçilikleri döretmek maksadyna gönükdirilen döwrebap binalardyr desgalary gurmak babatdaky anyk wezipeleriň rowaçlyklara beslenmegine ýardam berer. Il hyzmatyna berilýän dürli binalardyr desgalar, döwrebap önümçilikler täze müňlerçe iş orunlarydyr, zähmetsöýer halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hil taýdan has-da gowulanmagynyň kepilidir. Şeýle asylly maksat-tutumlar bolsa Gahryman Prezidentimiziň berkarar Diýarymyzda üstünlikli amala aşyrýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň baş maksadydyr. Diýmek, ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamynyň döredilmegi Arkadag Prezidentimiziň sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürilmegini nazarlaýan giň gerimli, uzakmöhletleýin maksatnamalarynda bellenen döwletli tutumlaryň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegine düýpli itergi berer. 

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».
Beýleki habarlar