Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Elektroenergetikanyň täze ulgamlary — halkymyz we ýurdumyz üçin möhüm taslamalar

25 Oktýabr 2021
751

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen sanly ulgam arkaly Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedow hem-de Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç. Purçekow göni aragatnaşyga çykdylar.