Ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli taslama

25 Oktýabr 2021
684

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.

Irden hormatly Prezidentimiz bilen sanly ulgam arkaly Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow hem-de Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow göni aragatnaşyga çykdylar.

«Daşoguz habarlary».