Atyr ysly ter güller

15 Oktýabr 2021
2653

Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň telekeçilik ulgamyny ösdürmek milli ykdysadyýetimizi täze belentliklere götermekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Welaýatymyzda hem dürli önümleri öndürýän hususy kärhanalaryň, daýhan hojalyklarynyň sany barha artýar.

Bereket etrabyndaky «Nurly meýdan» daýhan hojalygynda hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna mynasyp zähmet çekilýär. Bu ýerde atyr ysly ter gülleri ýetişdirýän döwrebap ýyladyşhana hereket edýär. Biz daýhan hojalygynyň bägülleri ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen ýyladyşhanasynda bolup, alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyk. Zerur amatlyklary bolan ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän ajaýyp güller ýylyň ähli paslynda isleg bildirýänlere yzygiderli ýetirilýär. Bu ýerde taýýarlanylýan çemenlerdir gül desseleri ýurdumyzda tutulýan toý-tomaşalara, döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyk çärelerine aýratyn öwüşgin berýär.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».