Güller — dünýäniň bezegi. Ynsan kalbynyň ylhamy hasaplanýar. Çünki, ähli gowy zatlar hem güllere deňelýär. Birek-biregiň hal-ahwaly soralanda hem “Gül ýaly” diýilmegi ýa-da iň gowy arzuwlar bilen “Durmuşyňyz güller ýaly owadan bolsun” diýlip, ýagşy dilegleriň edilmegi, ter bägülleriň sowgat berilmegi hem ýöne ýere däl bolsa gerek.
Mundan, başga-da, lukmançylykda hem gül melhemlik hökmünde peýdalanylýar. Gadymy Çyn--Maçyn (Hytaý) tebipleri bägüllerden, gül-gunçadan garrylar üçin juwanlyk melhemini ýasapdyrlar. Keselbent gojalary gülap suwy bilen bejeripdirler. Üstesine-de, olar garrap tapdan düşse, hatda iň soňky deminde ýatan garry näsaglaryň daş-töweregini täze, ter açylan bägüllerden, gül-gunçalardan boglan çemenler bilen bezäp goýup, otagda bägül biomeýdanyny döredipdirler. Bu bolsa garrap, tapdan düşen, agyr halda ýatan näsagyň şol güllerden güýç-kuwwat alyp, kem-kemden sagalmagyna itergi beripdir. Şeýle hem geçmişde, ata-babalarymyz, huşundan gidip, ýykylan adamlaryň ýüzüne gülap suwuny sepipdirler. Ýüregagyryly kişilere bolsa, gülap melhemi içirilipdir, bägül müşki ysgadylypdyr. Şeýle täsin usuly ulanyp, tebiplerimiz huşundan giden kişini, ýüregagyryny bejeripdirler.