Gözel Aşgabadyň seýilgähleri we suw çüwdürimleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezegi bolmak bilen birlikde, onuň bagy-bossanlyklaryny we gözelliklerini artdyrýar. Olar durmuş nukdaýnazaryndan dynç almak we gezelenç etmek üçin ýer we ekologiýa babatda oňaýly mikroklimaty emele getirýän düzümler hökmünde şäheri ösdürmegiň möhüm ugruna öwrüldi. Aşgabatda dürli-dürli suw çüwdürimlerini hemme ýerde — meýdançalarda we şaýollaryň ugrunda, hökümet, dolandyryş binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat kärhanalarynyň, söwda merkezleriniň binalarynyň öňünde görmek bolýar. Aşgabat köpsanly suw çüwdürimleriniň jemlenen şäheri hökmünde giňden tanalýar. Paýtagtymyzyň «Oguz han we ogullary» suw çüwdürimler toplumy jemgyýetçilik ýerinde suw çüwdürimleriniň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Ýylyň dowamynda we gije-gündizde suw çüwdürimleri paýtagtymyzyň bezeg aýratynlyklary bolup hyzmat edýär. Seýilgähler, tebigy gözellikler hakyky şäher gurşawyny, jemgyýetçilik giňişligine çeper mazmun bermek sungatyny emele getirýär. Şunuň bilen birlikde, bu sungat eserleriniň kompozisiýa we gözellik çözgütleri, öwüşginligi beýan edip, milliligi giňden şöhlelendirýär, şunda Oguzhanyň sekiz burçly şugla saçýan ýyldyzy esasy aýratynlyk bolup ýüze çykýar.
Hormatly Prezidentimiz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat dünýäniň ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary derejeli, iň gözel şäherleriniň biri» diýip belleýär. Bu onuň ýaşaýjylarynyň medeniýetinde we «ýaşyl» şäher hökmünde paýtagtymyzyň abraýyny has-da belende götermek ugrundaky ekologiýa çärelerine işjeň goşulmagynda hem aýdyň görünýär. Mälim bolşy ýaly, Konstitusiýamyzda her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa hukugy kepillendirilýär. Ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmegine, daşky gurşawyň ýagdaýy üçin jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpçülikleýin ekologiýa we sport çäreleri ýurdumyzda üstünlikli geçirilýär. Ekologiýa çäreleri häzirki döwürde has ýörgünli bolup, Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň bir maksadyň — ekologiýa abadançylygynyň bähbidine jebisligini görkezýär. Her ýylyň 22-nji sentýabrynda Bütindünýä awtoulagsyz gün giňden bellenilýär. Şol günlerde pyýada hem-de welosipedli ýa-da jemgyýetçilik ulagynda hereket etmek, mümkin boldugyça, golaýdaky söwda nokatlarynyň, jemgyýetçilik hyzmaty merkezleriniň, edara-kärhanalaryň hyzmatyndan peýdalanmak wagyz edilýär.