Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň oba-şäherleri gün-günden gözelleşýär, täze keşbe girýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde zamanabap edara-kärhanalar, zawod-fabrikler, dynç alyş merkezleri, ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berilýär. Biz muny welaýat merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň mysalynda hem görýäris.
Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde welaýatymyzda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermegi bilen Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylmagy külli türkmen halkynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmeklige niýetlenilen 3000 orunlyk bu bina welaýat merkezimiziň binagärlik keşbini has-da baýlaşdyrdy.