Ýakymy ýürekleri ýyladýar

11 sagat öň
14

Aý-günüň aýlanyp, ýyl kerweniniň gelip-gidip durmasyna gutarma ýok. Ine, ýene-de bir Täze ýyl rysgal-döwlete, şatlyk-şagalaňa, hoş habarlara, toýly günlere beslenip, gapymyzy kakyp dur. Umman ýaly çuň pähim-parasatdan, goşgy-gazal, aýdym-saz ýaly hoşnutlykdan dolup gelen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz bilen hoşlaşyk pursadymyz barha golaýlaşýar.

Şeýle toýly günleriň bosagasynda şanly ösüş-özgerişliklerden, täze üstünliklerden we bagtly pursatlardan ýüklenip gelen Täze ýylymyzy garşylamak juda ýakymly. Ol ýakym ýürekleri ýyladýar.

Akmyrat ABDYLLAÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar