Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýüregi saýylýan merjen şäherimiz Aşgabat barha özgerýär, gözelleşýär. Şu şanly ýylda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy giňden bellenilen paýtagtymyz bu gün göreniň akylyny haýrana goýýar. «Orta Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabady jennet mekanyna öwürmek meselesi öňümizde goýan maksatlarymyzyň esasylarynyň biridir» diýip, belleýän Gahryman Arkadagymyzyň baş şäherimiziň has-da nuranalyga beslenmegi, binagärlik-gurluşyk keşbiniň özgermegi babatda amala aşyrýan işlerine tutuş halkymyz buýsanýar.
Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun alan ak mermerli paýtagtymyzda tapgyrlaýyn gurlup ulanylmaga berilýän desgalar Aşgabadyň gerimini giňeltmek bilen, bütin Ýer ýüzünde uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzyň baş binagäri milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen paýtagtymyzda sanlyja ýylyň içinde Aşgabady ösdürmegiň 13-nji, 14-nji, 15-nji, 16-njy tapgyrlaryndaky desgalaryň, «Parahat» ýaşaýyş toplumyndaky 9 gatly, «Köşi» ýaşaýyş toplumyndaky 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, «Çoganly» ýaşaýyş toplumyndaky 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy bellenilmäge mynasypdyr.