Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha gowulandyrmak baradaky ynsanperwer syýasaty esasynda döwletimiz tarapyndan ilatymyza berilýän tebigy gazyň sarp edijilere ýylyň bütin dowamynda bellenilen meýilnama laýyklykda bökdençsiz ýetirilmegini üpjün etmekde “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň gazçylarynyňam saldamly goşantlary bar.
Müdirligiň hünärmenleriniňdir işçileriniň agzybirlikli çekýän zähmeti arkaly ýurdumyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň ilaty, şol welaýatlaryň çäklerinde ýerleşýän edara-kärhanalar tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün edilýär. Häzir bu önümçilik düzüminiň gazçylary şu welaýatlarda umumy uzynlygy iki müň sekiz ýüz sekiz kilometr bolan ýokary basyşly gaz geçirijilerine hyzmat edýärler. Müdirlige degişli gaz paýlaýjy beketleriň, gaz sazlaýjy düwünleriň hemişe saz işlemegini üpjün edýärler.