Eksport ugurly önümler

6 Iýul 2021
1529

Bäherden etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýüplük fabriginiň işçi hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen alty aýyny ýokary iş görkezijileri bilen jemlediler. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bu öňdebaryjy kärhanasynda şol döwürde 41 million 990 müň 155 manatlyk önüm öndürilip, bu babatdaky ösüş depgini 107,4 göterime barabar boldy. Şeýlelikde, şanly ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ol ýerde dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýüplügiň müňlerçe tonnasy öndürildi.

Kärhanada öndürilýän 27/1, 34/1, 51/1 belgili ýüplükler daşary bazarda aýratyn uly islege eýedir. Ol ýerde öndürilen şeýle görnüşli ýüplügiň agramly böleginiň eksport edilmegi hem munuň subutnamasydyr.

Aýjahan MÜLKIÝEWA,
«Ahal durmuşy».