Ekologiýa diplomatiýasy: durnukly ösüşiň bähbidine

5 Iýul 2021
1964

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirýär. «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyndan ugur alyp, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli döwletler we halkara guramalar bilen hoşmeýilli, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, Ählumumy Gün tertibiniň gaýragoýulmasyz meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna goşant goşmak, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmak ýaly ýörelgeler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär.

Döwletimiz halkara giňişliginde bütin adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleriň netijeli çözgüdini tapmakda kesgitleýji orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyz bu meselelere örän jogapkärli garamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge çynlakaý çemeleşýär. Milli Liderimiziň häzirki döwrüň derwaýys meselelerine mynasyp jogap berýän çuňňur oýlanyşykly daşary syýasy başlangyçlarynyň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa, döwletimiziň halkara giňişligindäki täsirli ornuny has-da berkidýär.

Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.