Aşgabat dünýäniň okgunly özgerýän şäheridir

17 Iýun 2021
1046

Mähriban Arkadagymyz ýurdumyzda we Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şäher ilatynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine, şäheri ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça öňe sürýän täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynda şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegi esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Aşgabadyň häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depgini hem-de köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz aýdyň beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler, hususan-da, paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.