Sanly ulgam arkaly ykdysadyýeti dolandyrmagyň möhüm ugry

17 Iýun 2021
2238

Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň hojalyk subýektlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär we bu işler durmuşa ornaşdyrylýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin, sanly elektron we ylym-bilim ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn uly üns berilýär.

Arkadag Prezidentimiziň öndengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň esasy maksady ýurdumyzda elektron resminamalaryň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny hem-de olara bildirilýän esasy talaplary kesgitlemekden, bu ugurda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky meseleleri düzgünleşdirmekden ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda sanly elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlaryny döretmek hem-de olaryň işe girizilmegi bilen bagly birnäçe resminamalar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň kararlary esasynda 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we 2018-nji ýylda «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de 2020-nji ýylda «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» tassyklanyldy. Bu gün ösen sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Amanmyrat AŞYROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.