Milli ykdysadyýetiň ösüşi

8 Iýun 2021
1380

Häzirki döwürde ata Watanymyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Önümçilige döwrüň ösen öňdebaryjy tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu ugurdaky tagallalar milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmagyň we internet ulgamyny ösdürmegiň hasabyna ekologiýa taýdan arassa önümçiligi guramak ýaly geljegi uly taslamalary amala aşyrmakda halkara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçiliklere ýol açýar.

Sanly ykdysadyýetiň ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň işine giňden aralaşmagy bilen, işçileriň täzeçe usullar, ugurlar boýunça mümkinçilikleri, hukuklary giňeldilýär. Şoňa görä-de, ähli ýerde işgärleri okatmak we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy ýola goýmak işleri netijeli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, zähmet goruny häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň biri bolan hünär bilimi esasy çeşme hasaplanyp, ýurdumyzda bu ulgamyň netijeli hereket etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap okgunly öňe barýan, durmuş-ykdysady taýdan özgerýän we sazlaşykly ösýän ýurdumyzda kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak wezipeleri giňişleýin durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli pudaklarynda hünärlere degişli täze tehnologiýalaryň, usullaryň üsti bilen dürli ugurlardaky hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilikler döredilýär. Her bir kärhanada bu çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär, zähmeti goramagyň talaplarynyň talabalaýyk üpjün edilmegine, işgärleriň saglygyny goramaga ýardam edýär.

Oguldurdy DERÝAGULYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.