Gül-gunçanyň keşbi siňen keteni

8 Mart 2021
1491

Keteni dokamagyň taryhy ençeme asyry öz içine alýar. Gadymy döwürlerden bäri ýörgünli mata hasaplanylýan keteni biziň günlerimizde-de öz gadyr-gymmatyny saklap gelýär.

Keteniden erkek kişileriň we zenanlaryň egin-eşiklerini taýýarlapdyrlar. Erkek kişileriň ýüpek matadan tikilýän daşky eşigi diňe don bilen çäklenýän bolsa, gelin-gyzlaryň ýüpek matalardan tikinýän lybaslarynyň görnüşi köp bolupdyr.

Gülsona AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Serdar etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.