Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylary şaly ösdürip ýetişdirmekde köpýyllyk tejribä eýe. Olar ýylyň-ýylyna şalynyň bol hasylyny ýetişdirmek bilen, ilatyň saçagyna ýokary hilli azyklyk önümi hödürlemegiň hötdesinden gelýärler. Şalyçylarymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu gymmatly azyklyk ekini ekip, onuň bereketli hasylyny kemala getirmegi maksat edinýärler. Munuň üçin etrabyň tüwi öndürýän kärhanasynda ekiljek şalynyň tohumyny taýýarlamaga irgözinden girişildi.
— Bilşimiz ýaly, her bir ekiniň hasyllylygy onuň tohumynyň hiline bagly bolýar. Şonuň üçin biziň kärhanamyzda tohum arassalaýan ýörite bölüm bar. Bu bölümiň işçi-hünärmenleri geçen ýylyň hasyly kabul edilip bolnandan soň, täze ýylyň ekişi üçin tohum taýýarlamak bilen meşgullanyp başladylar. Olar şu ýyl 1782 tonna arassa şaly tohumyny taýýarlamagy maksat edinýärler. Bölümde tohumlyk däneler ýörite enjamyň kömegi bilen arassalanýar we işler gije-gündiziň dowamynda 3 çalşykda alnyp barylýar. Tohumlyk dänäni arassalaýan enjamyň operatorlary Halmämmet Saparow, Guwanç Jemanow, işçiler Nurmyrat Kesäýew, Güýçgeldi Amangulyýew dagy öz işlerinde yhlaslylyk görkezýärler. Taýýarlanylýan tohumyň hili her gün barlagdan geçirilýär. Kärhananyň hil kesgitleýji hünärmeni Döwletmämmet Koşaýew öz işini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.