Diwar bezeg sungaty

25 Fewral 2021
1047

Gadymyýetden bäri binagärlik sungatynyň geçen ýolunda dürli öwrülişikler, täzeçillikler bolup geçipdir. Olaryň arasynda diwar bezeg sungatynyň ajaýyp görnüşleriniň biri — freskalar aýratyn orny eýeleýär. Freska, italýan dilinde «çyg suwagyň ýüzüne surat çekmek» diýen manyny berýär.

Freska sungatynyň döreýşiniň anyk senesi belli bolmasa-da, Egeý medeniýeti döwründe (b.e. öňki 2-nji müňýyllyk) freska nakgaşçylygy giňden meşhur bolupdyr. Hek, çäge, reňkli minerallar ýaly zerur bolan materiallaryň elýeterli bolmagy, işleniş ýönekeýligi freska sungatynyň antik döwürlerde meşhurlygynyň has artmagyna getiripdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Oguljahan ŞAJANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar