Kämil kanunçylyk — sagdyn jemgyýet

17 Fewral 2021
939

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan demokratik ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy toýlanjak üstümizdäki ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeklige görülýän taýýarlyk işleri ýurdumyzda demokratiýanyň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we dünýä tejribesini göz öňünde tutmak bilen kanunçylyk ulgamyny has-da kämilleşdirmeklige aýratyn uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kämil demokratik we halk häkimiýetlilik ýörelgeleri esasynda giň gerimli konstitusion özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň kabul edilmegi hem doly subut edýär.

Ejebaý BALLYÝEWA,
Mary welaýat kazyýetiniň maslahatçysy.