Täze tehnologiýalara daýanyp

17 Fewral 2021
950

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, harby we hukuk goraýjy işgärleriň, harby gullukçylaryň netijeli işlemegi hem-de gulluk etmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýär.

Golaýda milli Liderimiz Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ady agzalan merkeziň işiniň ýola goýulmagy bu ugurda wajyp ädime öwrüldi.

«Aşgabat».