Tutumly işleriň depginini çaltlandyrmak ugrunda

8 Fewral 2021
925

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda söwda toplumynyň işini guramagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip aýtdy we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny diňledi.