Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen halkymyzyň saglygy ugrunda düýpli aladalar edilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sagaldyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk enjamlar bilen üpjün edilýär.
Welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň ginekologiýa bölüminiň müdiri Aýnagözel Babakulyýewa hem-de şol bölümiň lukmanlary näsaglary güler ýüz bilen garşy alýarlar. Ýokarda ady agzalan bölümiň uly şepagat uýasy Ogulbagt Nursahatowa bu ýerde birnäçe ýyldan bäri zähmet çekip, ilatyň alkyşyna mynasyp bolýar.