Semizlik bedende ýagyň artykmaç toplanmagy diýmekdir. Kadaly bedende ýag 10 göterim bolmaly, eger-de, bu göterim 15-29 derejä ýetse, onda bu semizligiň 1-nji derejesi diýlip hasaplanylýar. Eger-de, göterim 30-49-dan artsa, 2-nji derejeli semizlik diýilýär, eger-de, göterim 50-100 derejä barsa, onda ol bejerip bolmasy kyn bolan 3-nji derejeli semizlikdir. Eger-de, göterim 100-den ýokary bolsa, 4-nji derejä degişli semizlikdir, bu derejedäki semizligi bejermek mümkinçiligi örän azdyr.
Öňler ýaşy ulaldykça adam semreýär diýip pikir edýärdiler. Hakykatda bolsa semizlik indi ýaşa seredenok. Semizlik çagalarda-da, ýaşlarda-da duş gelýär. Artykmaç iýmit, az hereketlilik, agşamlaryna köp iýmek, aýratynam, konditer önümlerini köp iýmek semizlige getirýär. Nesil yzarlamakda we başga sebäplere görä hem semizlik ýüze çykyp bilýär.