Taryhy waka bagyşlanan maslahat

17 Ýanwar 2021
1398

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl taryhy wakalara beslenip başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakynda Lebap welaýatynda bolan taryhy wakalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegini, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegini bellemek bolar.

Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Akina — Andhoý menzilleriniň aralygyndaky demir ýoly, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisini hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryny işe girizmek dabaralaryna bagyşlanan metbugat brifingi geçirildi. Çärä ministrler, Türkmenistanda işleýän diplomatik korpusyň, halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ogulgurban REJEPOWA,
«Mugallymlar gazeti».