Talyplary ylmy işlere ugrukdyrmak

12 Ýanwar 2021
3057

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda birnäçe kanunlar kabul edilip, şolaryň esasynda ençeme maksatnamalar herekete girizildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem bar. Milli Liderimiz: “Türkmenistanyň döwlet syýasatynda biz ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmäge uly ähmiýet berýäris” diýip, aýratyn nygtaýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim bermegiň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, bilim ojaklarynyň ählisi kompýuter tehnologiýalary we multimedi enjamlary bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklary bilim maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen innowasion-tehnologik gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge täze badalga aldy. Mundan başga-da, ata Watanymyzyň bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle-de, ýurdumyzda her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşige hödürlenilýän ylmy işler nanotehnologiýalara, himiki tehnologiýalara, täze materiallary öwrenmäge we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygyna, ekologiýa we genetika, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, ynsanperwer ylymlary ýaly innowasion ugurlara degişlidir. Munuň özi ýaşlaryň täzeçe pikirlenmegini, ylmy-barlag işleri bilen içgin meşgullanmagyny talap edýär.

Nury AMANOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.