Aýdyň maksatly ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

11 Ýanwar 2021
1243

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.

Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ugurlaryň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Hasabatlary degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

"Nesil".