Sapançynyň diňi

13 sagat öň
28

Adamlaryň arasynda «Nädip dursuň sapançynyň diňi ýaly bolup» diýen meňzetme ýurdumyzyň käbir sebitlerinde häzir hem ulanylýar. Sapanyň, sapançynyň nämedigini bilýänem bolsak, sapançynyň diňi barada düşündiriş bermek zerur bolup durýar.

Öňki döwürde ýurdumyzyň ähli ýerinde diýen ýaly, azyklyk maksady bilen jöwen köp ekilipdir. Jöwenden zagara, tötek, gyzdyrmaç ýaly çörek önümleri, köje, ýarma, bulamak ýaly naharlar, gowurga, talhan, patrak ýaly azyk önümleri taýýarlanypdyr.

Şöhrat ABDYÝEW,
mirasgär.