Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdepde etrap bilim bölüminiň, etrap polisiýa bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy.
Täze ýyly mynasyp garşylamak, baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşykda etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyş edenler ýaşlary bezeýän ýagşy gylyk-häsiýetler, asylly ýol-ýörelgeler, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada aýdyp, mekdep okuwçylaryna gymmat öwüt-ündewlerini aýtdylar. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek çärelerde we köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň, tertip-düzgüni berjaý etmegiň ähmiýeti hakda aýdylanlar uly täsirleri döretdi.