Türkmen halkynyň ýyldyz senenamasy

15 Dekabr 2024
117

«7/24.tm»: №51 (23816.12.2024

Türkmen halkynyň gadymy taryhy bolşy ýaly, milli ýörelgeleri hem özboluşlydyr. Hut şonuň üçin hem pederlerimizden miras galan ýyl­dyz se­ne­na­ma­sy elmydama ýörgünli bolmagynda galýar. Ýyldyz senenamasy gadymy dö­wür­ler­de iň ýör­gün­li wagt ha­sap­la­ma­la­ry­nyň bi­ri bo­lup­dyr. Bu se­ne­na­ma­nyň ýö­re­dil­me­gi hal­kyň çar­wa­çy­lyk we eke­ran­çy­lyk iş­le­ri­ni wagt­ly-wag­tyn­da alyp bar­ma­gy­na amat­ly şert­le­ri dö­re­dip­dir. Mi­la­dy aý-gün ha­sa­byn­da her aý­da 28-29, 30 ýa-da 31 gün bar bol­sa ýyl­dyz se­ne­na­ma­syn­da gün­le­riň sa­ny ýyl­dyz­la­ryň do­gup-ýaş­ma­gy bi­len kes­git­le­ni­lip­dir. Ýyl­dyz se­ne­na­ma­sy Çar­wa now­ru­zy, Now­ruz döw­ri, Ül­ker, Ara­lyk, Üç­ýyl­dyz, Ýal­dy­rak, Mi­zan, Ak­rap, Ga­ra­gyş, Uly çil­le, Ki­çi çil­le, Ahyr­ky ga­ra­gyş ýa­ly dö­wür­le­re bö­lü­nip­dir.

Beg­my­rat BAÝ­RA­MA­LY­ÝEW,
Sa­ýat et­ra­byn­da­ky 4-nji sport mek­de­bi­ň tä­lim­çi-mu­gal­ly­my.