Diýarymyzda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
12-nji dekabrda ýurdumyzda möhüm şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda taryhy Kararnamanyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini berkarar etmegiň möhüm şerti hökmünde durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu sene milli we halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz halkymyza iberen Gutlagynda biziň içeri we daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza, bar bolan mümkinçiliklerimize esaslanyp, geljekde-de Garaşsyz döwletimizi dünýäniň öňdebaryjy, gülläp ösýän dostlukly ýurduna öwürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi.