Ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna

12 Dekabr 2024
99

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatdaky ählumumy tagallalara özüniň mynasyp goşandyny goşýan, sebitde we dünýäde ýokary abraýly hem-de täsirli döwlet hökmünde çykyş edýär.

Şu ýylyň 2-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi eziz Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goramak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Nurgeldi BAÝRYÝEW,
Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň kazyýetiniň kazysy.