«Sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilendigine buýsanýarys»

12 Dekabr 2024
113

Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde işini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi. Bu jogapkärli wezipede üç ýarym ýyla golaý zähmet çekip, ýurdumyz bilen ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýan diplomat saparynyň çäginde öz alyp baran işleriniň netijelerine syn berip, ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky pikir-garaýyşlaryny paýlaşmaga gyzyklanma bildirdi. Biz hem hanym Teri Hakala öz sowallarymyz bilen ýüzlenip, söhbetdeşligi okyjylara ýetirmegi makul bildik.

— Hanym Teri Hakala, Siz Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde üç ýyldan gowrak alyp baran işiňizi tamamlaýarsyňyz. Ilki bilen, Size bu jogapkärli wezipede sebit ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda eden tagallalaryňyz üçin hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýäris. Siz şu geçen döwürde gazanylan netijelere nähili baha berýärsiňiz?

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».