Bag­tyň me­kan tu­tan ül­ke­sin­de

11 Dekabr 2024
137

Bi­ziň ýur­du­myz­da do­gan­lyk halk­la­ryň we­kil­le­ri­niň köp­san­ly­sy bag­ty­ýar­lyk­da ýa­şa­ýar. Olar bi­ziň oba­daş­la­ry­myz, synp­daş­la­ry­myz, ta­lyp­lyk ýol­daş­la­ry­myz, hat­da ga­ryn­daş­la­ry­myz. Yk­ba­lyň em­ri bi­len ta­ry­hyň bir dö­wür­le­rin­de türk­men top­ra­gy­na dü­şüp, soň hem bu top­ra­gyň mäh­ri­ne aşyk bo­lup, ony mü­di­mi me­kan tu­tu­nan do­gan­la­ry­myz ra­ýat­syz­ly­gy azalt­mak bo­ýun­ça uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän türk­men döw­le­ti­niň sa­ýa­syn­da ýurt­daş­la­ry­my­za hem öw­rül­ýär­ler. Bu gün olar ýur­du­my­zyň deň­li-de­re­je­li ra­ýa­ty hök­mün­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk to­ýu­ny toý­la­ýar­lar.

Şan­ly se­nä­niň öň ýa­nyn­da Çär­jew et­ra­by­nyň Jen­di ge­ňeş­li­gi­niň Baş­sa­ka oba­syn­da ýa­şa­ýan şeý­le maş­ga­la­la­ryň bi­ri­niň öýün­de myh­man­çy­lyk­da bol­duk. Bu öý ga­zak do­gan­la­ry­myz Jol­das Hy­dyr­ba­ýew­le­riň maş­ga­la­sy­na de­giş­li. Bag­ty­ýar öý eýe­le­ri­niň ýe­di per­zen­di ýe­di ýer­den ga­la bo­lup, ata-ene­si­niň eli­ne iş ýe­ti­re­nok­lar. Soň­ky ýyl­lar­da ge­lin­ler, ag­tyk­lar bi­len maş­ga­la­nyň ge­ri­mi has gi­ňe­di. Maş­ga­la­nyň esa­sy iş­le­ri­niň bi­ri dü­ýe­dar­çy­lyk. Bu asyl­ly kär bu maş­ga­la­da ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýär. Dü­ýe­dar­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­mak üçin Gy­zyl­gu­muň gi­ňiş­lik­le­rin­de müm­kin­çi­lik nä­çe diý­seň bar. Yl­my mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ýur­du­myz­da­ky öri meý­dan­lary 35 mil­li­on gek­tar­dan hem geç­ýär. Şun­ça gi­ňiş­lik­de «çöl gä­mi­si» ot­lap, ýaý­nap, yn­san sag­ly­gy üçin iň­ňän peý­da­ly önüm­le­ri­ni ber­ýär.

Ma­ral AK­MY­RA­DO­WA,
ýö­ri­te ha­bar­çy­myz. Surata düşüren Döwletgeldi HUDAÝBERDIÝEW.