Gözellik sazlaşygy

11 Dekabr 2024
118

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzy ykdysady we medeni taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşmak ugrunda amala aşyrylýan beýik başlangyçlar üstünlikli dabaralanýar. Ak mermerli paýtagtymyzy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Sanlyja ýylyň içinde Aşgabat tanalmaz derejede özgerip, paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap binalaryň, dürli maksatly desgalaryň hatary ep-esli artdy. Bu binalardyr desgalar ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän derejede ygtybarly bolmak bilen bir hatarda, özüniň owadanlygy hem-de paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik keşbine sazlaşýandygy bilen tapawutlanýar.

Ak şäherimiz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan, beýikligi 133 metr bolan, depesinde ýaşyl Tugumyz pasyrdap duran Baş baýdak sütüni, Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan ýoldaky Oguz han suw çüwdürimler toplumy, Oguz hanyň ýyldyzy şekilindäki «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň belent binasy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi ýaly ençeme binalar paýtagtymyzyň binagärlik keşbini bütinleý özgerdýär. Gurulýan desgalaryň binagärlik taýdan kämil bolmagy diňe bir ildeşlerimizde däl, eýsem, daşary ýurtly myhmanlarda hem ýakymly täsirleri döredýär.

Şirin ÖDÄÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.