Beýik akyldara, yhlasly we döredijilikli zähmete sarpa

11 Dekabr 2024
121

Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna we Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlaryna mynasyp bolan ildeşlerimize sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adama hem-de onuň yhlasly we döredijilikli zähmetine uly sarpa goýulýandygy, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgeler esasynda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga gönükdirilen tutumly işleriň alnyp barylýandygy, ildeşlerimiziň sylaglanmagynyň bolsa döredijilikli zähmetini Watana gulluk etmäge bagyşlan adamlara goýulýan sarpanyň nyşanydygy barada aýratyn nygtaldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenmegi dana şahyra goýulýan belent hormatyň güwäsidir. Bu günki gün edebi mirasy umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna giren şahyryň şygyrlary dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýar» diýlip, dabarada buýsanç bilen bellenildi. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlaryny çuňňur buýsanç we tolgunma duýgusy bilen kabul eden adamlar çykyş edip, ujypsyzja zähmetlerine ýokary baha beren hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has belende galmagynyň, merdana halkymyzyň asudalygynyň hatyrasyna ähli güýç-kuwwatlaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Muhammetmyrat ÖWEZOW,
«Balkan».