Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

7 Dekabr 2024
181

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda jemgyýetimizde bedenterbiýe-sagaldyş hereketi yzygiderli ösdürilýär. Parahatçylykly gülläp ösýän Watanymyzda halkyň saglygy, ruhubelentligi, bagtyýarlygy baradaky alada baş wezipeleriň biri bolup durýar.

Uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýörişiň geçirilmegi örän täsirli waka boldy. Bu bolsa sagaldyş bedenterbiýesiniň we sportuň bagtyýar halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň beýanydyr. Saglyk ýolundaky ajaýyp dag howasy, töweregi gurşaýan arça baglarynyň gözel görki ýörişiň ynsan saglygyna ýakymly täsirini has-da artdyrdy, göwünlere joşgun berdi.

«Saglyk».