Süýjüli diabet we arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy

7 Dekabr 2024
146

Süýjüli diabet we arterial gan basyşynyňýokarlanmagy (gipertoniýa) — bu, köplenç, biri-biri bilen baglanyşykly geçýän, gaýra üzülmelere getirýän kesellerdir. Arterial gipertoniýa süýjüli diabetli näsaglarda başga keselli näsaglar bilen deňeşdirilende 2 esse köp duş gelýär. Arterial gipertoniýa süýjüli diabetli näsaglaryň saglygyna düýpli täsirini ýetirýär, ýagny bu näsaglarda ýürek-damar, peşew çykaryş ulgamynda gaýra üzülme ähtimallygy has ýokary bolýar. Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, ýagny arterial gipertoniýa getirýän esasy sebäpleriň biri-de insulinorezistentlilikdir.

Insulinorezistentlilik — munuň özi adam bedeniniň insulin gormonyna duýgurlygynyň peselmegidir. Şonuň netijesinde dokumalarda gandaky glýukozany kabul etmeklik ukyby peselýär. Insulinorezistentlilik, esasan hem, semiz adamlarda köp duş gelýär. Bu ýagdaý birbada ýüze çykmaýar, diňe metaboliki bozulmalar başlanan wagty bilinýär. Adamyň beden-agram indeksi 35-40%-den ýokary bolan ýagdaýynda insuline duýgurlyk 40%-e çenli peselýär. Insulinorezistentlilik giperinsulinemiýa (ganda insuliniň mukdarynyň ýokarlanmagyna) getirýär. Insulin gandaky kalsiý we natriý duzlarynyň öýjügiň içine geçmekligine täsir edýär. Olar hem öz gezeginde gan damarlarynyň ýylmanak myşsalarynyň ýygrylyjylyk ukybyna täsirini ýetirýär. Netijede, öýjügiň içine kalsiniň akymy ýokarlanýar, damarlaryň dilýatasiýasy (gowşap giňelmegi) we ownuk gan damarlarynda ganaýlanyşygynyň bozulmasy bolup geçýär. Gandaky glýukozanyň ýokary mukdary gan damarlarynyň içki gatlagyna gös-göni zäherleýji täsirini ýetirýär. Bu bolsa öz gezeginde damarlaryň ýylmanak myşsalarynyň gysylmagyna, soňra giperplaziýasyna (galňamagyna) we aterosklerozyň emele gelmegine, netijede gan basyşynyň ýokarlanmagyna getirýär.

Selbi HUDAÝGULYÝEWA,
Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň endokrinolog lukmany.