Millilige ýugrulan görelde mekdebi

3 Dekabr 2024
138

Türkmen halkynyň milli terbiýesi asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ýaşlara watansöýüjilik ruhunda bilim-terbiýe bermäge aýratyn ähmiýet beren türkmen halky nesil terbiýesiniň kämil mekdebini kemala getiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, nesil terbiýesine üns bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýaş nesilleriň terbiýesinde ata-babalarymyz kitap okamagy, bilim almagy ýörelge edipdirler. Şonuň üçin hem şöhratly taryhymyzda akylly-başly, sowatly şahsyýetleriň hemişe ýaşlara nusga bolandygyny görýäris. Şeýle hem, ýaşlary Watana wepalylyk, asyllylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemäge gönükdirilen işler halkymyzyň nesil terbiýesinde möhüm orny eýeleýär.

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde ýagşylygy, watansöýüjiligi wasp edýär. Munuň özi ýaş nesillerde aýratyn täsir galdyryp, asylly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle terbiýe bilen ösüp-ulalan perzent il-halka wepaly bolýar, belent ynsanperwerligi kalbyna guýýar. Munuň özi ýaşlaryň kämil ynsanlar bolup ýetişmegine oňat mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem ata-eneler çagalaryna öwüt-ündew bermekde nakyllara, nusgawy edebiýata salgylanýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde hem türkmen ýaşlarynyň edep-terbiýesinde milli ýörelgeleri aýdyň görmek bolýar.

Sadat EREŞOWA,
Çärjew etrabynyň 54-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.