Türkmenistanda glisirrizin turşusynyň önümçiligi ýola goýuldy

24 Noýabr 2024
178

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» agrosenagat toplumyna girýän Türkmenabat şäherindäki glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana täze önüm — glisirrizin turşusynyň önümçiligine girişdi. Uly islege eýe bolan bu önüm eksport we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda peýdalanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Täze kärhana iň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. «MION & MOSOLE» atly owradyjy enjam önümçiligiň ilkinji basgançagynda buýan köküni iki tapgyrda gaýtadan işläp, ergini almak üçin zerur bolan böleklere bölýär. Soňra üç bölümde ornaşdyrylan «DELLA TOFFOLA» atly 54 sany ergin alyjy enjam işjeň madda bolan glisirrizin turşusyny saýlap alýar.

Merjen GAÝTNAZAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.