Sagdynlygyň kepili

22 Noýabr 2024
237

Hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýeti berkarar etmek meýillerine daýanýan hem-de durnukly ösüş maksatlary bilen sazlaşýan syýasatynda ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha giň gerime eýe bolýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde her bir raýatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga hukuklarynyň deň elýeterliligi kepillendirilýär. Türkmen türgenleri dünýäniň sport giňişliginde has işjeň çykyş edip, dürli derejeli medallara mynasyp bolýar.

Ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegini üpjün etmek, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, şeýle hem raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmak, keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hut şu maksatlary nazarlap, bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.

Döwlet AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň baş ylmy işgäri, hukuk ylymlarynyň kandidaty.