Kadaly iýmitlenmek — sagdynlygyň gözbaşy

21 Noýabr 2024
244

Ýurdumyzda ilat arasynda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sport çärelerini ýaýbaňlandyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn iýmitlenmek ýörelgesini berkitmäge-de uly üns berilýär. Sagdyn iýmitlenmek saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň ygtybarly usuly bolup durýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, adamyň saglygynyň 60 — 70 göterimi onuň iýmitine we şahsy durmuş düzgünlerine, ýagny özüne baglydyr. Kadaly iýmitlenmegiň dürli görnüşli bozulmalary keselleriň döremegine getirýär.

Halkymyzda iýmite rejeli çemeleşmek we oýlanyşykly iýmitlenmek medeniýeti kämil derejä ýetipdir. Naharlanmak ähli fiziologik kadalara we ekologik talaplara laýyk gelipdir. Iýmite aýawly garalypdyr, ony uzak möhletiň dowamynda saklamagyň düzgün-kadalary, usullary işlenip düzülipdir. Türkmen maşgalasynda özüňi alyp barmagyň belent ýörelgeleri, şol sanda beden terbiýesi, naharlanmak edebi we dogry iýmitlenmek çaganyň aňyna guýlupdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşyndaky şeýle ýörelgeleri berkitmek babatynda uly işler ýerine ýetirildi. Ýurdumyzda duzuň ählumumy ýodlaşdyrylmagy gazanyldy.

Begnazar BAÝLYÝEW,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy.