Halkyň ruhy baýlygy

20 Noýabr 2024
238

Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, däp-dessurlary siňen milli medeniýetimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýär. Merdana halkymyz medeni we ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşdy. Häzirki döwürde halkyň kalbyna deňelýän medeniýet ýurdumyzyň kuwwatlandyryjy güýji bolup, bagtyýar raýatlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şu nukdaýnazardan, «Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Dünýä ýurtlary bilen giň gerimde alnyp barylýan medeni hyzmatdaşlyk halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkidýär.

Muzeýler taryhdaky medeni ösüşlerimizi giňden beýan etmekde gymmatly hazyna bolup hyzmat edýärler. Taryhyň syrly sahypalaryndan habar berýän medeni mirasy ýüze çykarmakda, medeniýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde we gorap saklamak bilen, geljekki nesillere ýetirmekde muzeýlere uly orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde, muzeý işini kämilleşdirmek bilen bagly işler üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki wagtda muzeý işine sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylyp, ilata edilýän muzeý hyzmatlary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Munuň özi ýaş nesli medeni gymmatlyklarymyz, ýadygärliklerimiz bilen tanyşdyrmakda we şöhratly taryhymyza söýgi döretmekde uly ähmiýete eýedir. 

Nurgözel BABAÝEWA,
Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekskursowody.